Italiýa
From Wikipedia, the free encyclopedia
Italiýa (ital. Italia [iˈtaːlja], resmi ady — Italiýa Respublikasy (ital. Repubblica Italiana)) — Ýewropanyň günortasynda, Ortaýer deňziniň merkezinde döwlet.
| |||||
Paýtagty | Roma | ||||
Resmi diller | Italýan dili | ||||
Prezident | Serjo Mattarella | ||||
Baş bakan | Mario Draghi | ||||
Gimni | Il Canto degli Italiani | ||||
Puly | Ýewro | ||||
Telefon kody | +39 | ||||
Internet TLD | .it |
Demirgazyk-günbatarda Fransiýa (serhetiň uzynlygy — 488 km), Şweýsariýa (740 km) we demirgazykda Awstriýa (430 km), demirgazyk-gündogarda bolsa, Sloweniýa (232 km) bilen araçäkleşýär. Şeýle hem onuň Watikan (3,2 km) we San-Marino (39 km) bilen içerki serheti bar.
Italiýa Apennin ýarymadasynda, Padan düzlüginde, Alplaryň günorta ýapgytlarynda, Siciliýa we Sardiniýa adalarynda hem-de birnäçe ownuk adada ýerleşýär.