Küşt
From Wikipedia, the free encyclopedia
Küşt örän çylşyrymly strategiýa oýny bolup, aýratyn düzgün boýunça 64 öýli tagtada 32 sany ak we gara mally oýnalýan oýun. Dünýäde küşt ýaryşlary geçirilýär we ol sportuň bir görnüşi hasaplanýar. Küşt oýununa könelerimiz beýniniň gimnastikasy hem diýipdirler. Küşt oýnunda Türkmen türgenleri uly abraýa eýedir. Türkmenistanda abraýly uly küşt ussatlary bardyr. Mesgen Amanow, Maksat Atabaýew, Meýlis Annaberdiýew, Orazly Annageldiýew, Hanjar Ödäýew ýaly örän ussat küştçüleri mysal bermek bolar. Küşt tagtasy diýlen 8×8 bolan dörtburç tagtanyň üstünde oýnalýar. Jemi 64 sany dörtburçlugyň (öýjügiň) 32 sany gara, 32 sany hem ak reňkli bolýar. Küştçileriň biri aklary, beýlekisem garalary alýar we bir gezekde diňe bir göçüm edip bilýär.
Strategiýa Oýny | |
Oýnuň meşhurlugy | 6-njy asyr-häzirki döwür |
Dolandyryjy | Emin agzalar |
- Oýunçy Sany | 2 |
- Oýnuň wagty | Soňsuz ýada wagtly |
Web-saýty | http://www.fide.com |