Ärtogrul Gazy
Ärtogrul gazy barada dürli çeşmelerde aýdylýan maglumatlar biri‐ birinden tapawutlanyar / From Wikipedia, the free encyclopedia
Özünden öň: Süleýman şa
أرطغرل
Özünden soň: Osman I
Doguldy: 1194/1198 Horasan (häzirki Günorta Türkmenistan) Merw
Öldi: 1291 Anadoly. Bursa, Bilejik.
Kakasy: Süleýman şa ýa‐da Gündiz Alp
Ejesi: Haýme hatyn
Aýaly: [[Halima hatyn|Halyma hatyn.
Çagalary:Gündiz beg ,Sawçy beg, Osman beg
Ärtogrul 1198-nji ýylda Horasanyň Merw şäherinde (Mary) dünýä indi. Onuň kakasy Süleýman şa, ejesi bolsa Haýme hatyn bolupdyr. Onuň Gündogdy we Sungurtekin atly uly doganlary bolupdyr. Ärtogrulyň aýaly Türkmen neberesinden bolan Halyma hatyndyr. Ärtogrul gazynyň 3 sany ogly bolupdyr: Sawçy beg, Osman beg, Gündiz beg. Ärtogrul Gazy XIII asyryň ortalarynda oguzlaryň Gaýa (Gaýy) taýpasynyň baştutany bolup, Osman Türkmenleriň begligini döreden Osman begiň kakasydyr. Çeşmeler Ärtogrul gazynyň asyl gelip çykyşy hakynda dürlüçe şejereleri düzüpdirler. Ýazyjyogly Alynyň «Seljuklaryň taryhy (Tewarihi Al-i Seljuk)» eserinde ol şeýle beýan edilýär: Gök alp 1.Ärtogrul 2. Dündar (Tündar) Ärtogrylyň bir ogly Osman. Enweriniň «Enweriniň Desturnamasy (Düstürnameýi Enweri)» atly eserinde bolsa şeýledir: Gazan一Mir Süleýman alp一Mälikşa一Gündiz alp 2. Gök alp. Gündiz alpdan bir ogul ady一 Ärtogrul beg一Osman. Şükrullanyň «Behjetut-tewarih» atly eserinde bolsa: Oguz一Gökalp一Gyzyl Buga一Gaýa alp一 Süleýmanşa一Ärtogrul一Osman. Hasan bin Mahmydyň «El-Baýatynin Jami Jem Aýn» atly eserinde bolsa şeýle: Gaýa Alp一Süleýman şa一Ärtogrul一1.Sawçy beg一2.Osman一3.Gündiz beg. Ruhy taryhynda beýan edilmegine görä Ärtogrul gazy we kakasynyň baştutanlygyndaky 340 adamlyk türkmen taýpasy, seljuklylar bilen birlikde Türküstany terk edip, Anadola gelip, Engurinyň (Ankara) ýakynyndaky Garajadag eteklerinde birnäçe öýli bolup ornaşýarlar. 1222-1230-njy ýyllar aralygynda, Iznik hökümdary Ýannis Watatzes III bilen Anadolydaky Seljukly soltany Alaýeddin Keýkubad arasynda Soltan Öýügi we Enguri töwereklerinde bolan söweşlerinden habardar bolan Ärtogrul gazy goşuna hyzmat etmek üçin söweşlere goşuldy. Şol uruşlarda Garajahysary gabady. Ony çäksiz hormat bilen garşylan Alaýeddin Keýkubat I, Ärtogrul gazyny goşunbaşy edip belledi. 1230-njy ýylda Horezmşalar bilen Ýassy Çemen söweşi we Mongollar bilen Kösedag söweşleriniň netijesinde Alaýeddin Keýkubat I bilen Ýannis Watatzes III aralarynda şertnama baglaşyldy. Soňra Alaýeddin Keýkubat Ärtogrul gaza we atasyna Söwüdi gyşlak üçin, Domaniçi bolsa ýaýlak etmekleri üçin berdi. Ärtogrul gazy bu ýerlerde ýörüş hereketlerini dowam edýärkä, Alaýeddin Keýkubadyň dünýeden ötmeginiň yz ýany Garajahysar elden giderilýär. Ärtogrul Seljuk soltany Alaýeddiniň ölümine çenli alty ýyllap serhet ýakalarynda uly üstünlikler gazandy. Soltan Alaýeddiniň ölüminden soňra tagt we täç bäsleşigine goşulman Söwüt we töweregindäki beglikleri birleşdirmegi dowam etdirdi. Ol 1281-nji ýa-da 1283-nji ýylda 92 ýa-da 96 ýaşynda Gaya (Gaýy) obasynda dünýeden ötdi. Ony şol ýerde jaýladylar.