Ata Salyh

Sowet şahyry From Wikipedia, the free encyclopedia

Remove ads
Remove ads

Ata Salyh (1908-1964 ýý.)

Bütin ömrüni Watany wasp etmeklige, il-gününe guwanmaklyga bagyş edip, many-mazmuna ýugrulan ajaýyp eserlerini halkyna miras galdyran, Türkmenistanyň halk şahyry, ussat halypamyz Ata Salyh, uly hormat bilen ýatlanylmaga mynasypdyr. Ata Salyh ogly 1908-nji ýylyň maý aýynyň 15-ine (ozalky köne ady Zakaspiý oblastynyň Merw uzediniň, Murgap raýonynyň gadymy Şordepe obasynda dünýä inýär). Mary welaýatynyň, Murgap etrabynyň,  Şordepe obasynda dünýä inýär. Ata Salyh maşgalasynda on doganyň ikinjisi bolup, olar: Mukymgylyç, (Nyýazgylyç-Ata Salyh), Sarybibi, Guba, Bibigözel, Gurbanbibi, Miwe, (Ýazmuhammet-Mommat Salyh), Orazmeňli hem-de (Muhammetsalyh-Kaka Salyhdyr).

Ata Salyhyň kakasynyň adyna Salyh molla diýerler eken, ol hem öz döwründe, obanyň iň bir sylagly adamlarnyň biri bolupdyr. Salyh Mämmetöwez ogly Buhara medresesinde okap sowat alyp gelenden soňra, ömrüniň ahyryna çenli oba metjidinde oglanlara tälim-terbiýe beripdir. Ol 1886-1925-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçipdir.

Ata Salyhyň ejesine Ogulsabyr eje diýerler eken, ol hem öz döwrüniň ussat halyçy zenany bolupdyr. Mundan başga-da Ogulsabyr eje öziň ýiti zehinliligi bilen tapawutlanypdyr. Onuň ýatdan bilýän ençeme ertekilerdir-rowaýatlary, kän-kän dessanlary, nakyllardyr-matallary belki-de öz eziz perzendiniň aňyna siňmegi netijesinde, körpeje Ata Salyhyň, kiçilikden şahyr bolmagynyň asyl säbäpkäri bolsa gerek. Ata Salyhyň hakyky ady Ata däl-de, Nyýazgylyç Salyh ogly bolup, bu at oňa öz garry atasy, kakasy Salyhyň atasy, Nyýazgylyç bagşynyň ady dakylanydyr. Şol sebäpdenem ýaşajyk Nyýazgylyja, “atam-atam” diýilip, Ata ady ýörgünli bolup galypdyr. Şondan soňam şahyryň il içinde has ýörgünli ady, Nyýazgylyç däl-de Ata, diýilip tutulypdyr.

Ata Salyhyň ady dakylan, Nyýazgylyç bagşy hem öz döwrüniň ussat bagşysy bolup, ol, Gowşut hanyň ýakyn dosty, iň bir hormatlaýan egindeşleriniň biri bolupdyr. Belli mirasgär, filalogiýa ylymlarynyň kandidaty Ümür Esenowyň, ýatlamalarynda: “Gowşut han nirä gitse-de, Nyýazgylyç bagşyny hem ýanyndan goýmaz ekeni...” diýen ýaly, ýa-da bolmasa: “Marydaky Ýolbarsly çaýhanada, gyzgalaňly küşt oýnunda han utuldy: “Ýykylyan göreşden doýmaz”diýilşi ýaly han ýene-de, bagşy dosty Nyýazgylyç bilen, küşt oýnuny dowam etdirdi...” diýen ýaly maglumatlar bellenilip geçilýär. Görip otursak, zehinli şahyr Ata Salyha, bihal adamyň ady dakylman ekeni.

“Öň akan ýerinden, akarmyş aryk” diýlişi ýaly, çyn zehin şahyryň körlügine garamazdan, ömürlere-ömürlik galdyran ençeme gözlüleriň hem başarmajak, ussatlyk ukyby belki-de oňa, öz pederlerinden geçendir. Ýene bir özüne çekiji sorag, Ata Salyh çyndanam kör bolupdyrmy?! Käbir edebiýat sahypalarynda Ata Salyh üç ýaşlarynda, şol döwürler ýoň bolan, mama keseline uçurap kör bolupdyr diýlip, maglumat berilýär. Onda ol ýaşlygyndan kör bolan bolsa, hiç hili hat-sowady görmedik bolsa, nädip goşgy ýazypdyr, oň syry nämede?!

Hakykatdan-da ýaşajyk Ata, ýaňy üç ýaşlarynda mama keseline uçuraýar, hem-de görmek ukyby peselýär, ýöne ol düýbünden kör bolmandyr. Men bu barada şahyryň has ýakyn garyndaşlaryndan, öň hiç ýerde gabat gelmeýän maglumatlary ýazyp aldym. Şahyryň özünden kiçi inisi, ýagny Beýik Watançylyk uruşyna gitmezden ozal ylymy kätibi bolan, Ata Salyhyň ençeme goşgudyr, döredijilik eserlerini, kagyza geçirip beren, häzirki wagtda merhum, Mommat Salyhyň uly gyzy, häzirki wagtda, hormatly dynç alyşda Aýnabat ejäň, öz kakasy Mommat Salyhdan Ata Salyh barada, eşidenlerini ýatlap:

̶  Ata Salyh ýagny doly derejede kör bolmandyr, ol 21 ýaşlaryna çenli 1-1,5 metr gözýetimindäki adamlary saýgaryp bilipdir. Onuň ýeke özi golaý ara, töwerekdäki goňşularyna gidip bilipdir, işigindäki ýorunja pelden mallaryna ot ýygyp bilipdir, üzüm joýasynyň gyralaryna, mekke dänelerini ekipdir, garaz görüjilik ukybynyň pesdigine garamazdan şahyr, zähmetsöýer, işeňňir, tutanýerli adam bolupdyr   ̶ diýip, şahyr hakynda gyzykly gürrüňleri berdi.

Indi biz şahyryň döredijik dünýäsine gadam basan, ilkinji ýyllaryna has ünsi çekeliň, entäk hat-sowady görmedik, ýagty dünýäniň barlyklaryny zordan saýgarýan, ýaş zehiniň eýýäm 1918-nji ýyllarda, ýaňy on ýaşlarynda wagty, dörtleme görnüşindäki onlarça goşgulary döredipdir, ol goşgularyň şu günlermize ýetenleri hem bar, olardan: “Dogramadan doýulmady ýaranlar”, “Betpäl barjamly”, “Gitdim Arkaç iline”, “Myhman almadyň”, “Üýrek itiň eýesi”, “Ýaranlar”, “Bäherdenden salam obam Şordepä” ýaly goşgulardyr. Il içinde täze badalgaly, döredijiligi bilen  halk köpçüligini özüne çekip başaran, ýaş şahyr soňa baka has giňişleýin many-mazmunly, özüne çekiji äheňli goşgulary  döredip, il-günüň uly hormatyna, at-abyraýyna eýe bolýar. Ata Salyhyň ilkinji goşgulary 1928-nji ýylda metbugatda çap edilip ugraýar. Şeýlelik bilenem watansöýjülik, ilhalarlyk pikirleri öňe sürýän, biheppe-ýalta, mugthor adamlary tankytlaýan, şygyrlary bilen, janypkeş halal daýhanlaryň hem-de okajylar köpçüliginiň söýgüsine eýe bolan ýaş şahyr, uly meşhurlyga ýetip ugraýar. Şahyryň halk dilene düşünikli, sözleri ýeňil hem-de täsirli, many-mazmun taýdan özüne çekiji, çalt aňyňa ornaşýan, hiç kimiňkä meňzemeýän döredüjiligi, onuň aýratyn ukuplarynyň biridir.

Mundan başga-da Ata Salyh, türkmen edebiýatynda ilkinji basnýa žanrynyň binýadynyň düýbüni tutujy ussat halypadyr, onuň: “Ýolbars bilen tilki”, “Şagal bilen horaz”, “Kädiniň gülküsi” ýaly halkyň kalbyna siňen ençeme, many alarlyk basnýalary bar. Ussat şahyr bu basnýalarda, halk köpçüliginiň umumy adamzat häsiýetlerini, haýwanlaryň we tebigy barlyklaryň üsti bilen çeper janlandyryp, allaw-hileden, mekirlikdir, ulumsylykdan elmydamama kiçi göwünligiň, halallygyň hem-de dogruçyllygyň üstün çykýandygny aýdyň beýan edipdir. Ussat halypanyň köpugurly döredijiligi, diňe bir goşgudyr-basnýalardan ybarat bolman, ol ençeme ertekidir, şorta sözleri hem döredipdir we şol sanda arhiw hazynasynda saklanyp galan, halk döredijiliginiň bir ugry bolan, zenanlar üçin niýetläp lälelerdir-hüwdüleri hem döredipdir. Şahyryň aýdyma öwürlen, onlarça goşgulary hem bar, olardan: “Bizde bar”, “Üstünlikden-üstünlige”, “Gözel ýurdym Türkmenistan”, “Eşidiň menden”, “Biziň ýerlerde”, “Batyrlarym”, “Dostuma hat”, “Baldan şirin sözlim”, “Bagtly gözel sen”, “Öz ilimiň şahyry men” ýaly aýdymlary häzirki günlerde-de, mirasyň hazynasynda, milli gymmatlyk hökmünde saklanyp gelýär.

Ata Salyh diňe bir türkmen edebiýatynda däl-de, eýsem täsirli döredijiligi bilen, doganlyk halklaryň edebiýatynda-da uly meşhurlyga eýe bolan şahyrdyr. Ata Salyhyň döreden eçeme eserlerini doganlyk halklaryň dillerine terjime eden, Aleksandr Aborskiýniň hyzmatlary esasynda şahyryň döredijiligi, doganlyk halklarnyňam has-da gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar. Şondan soňra Ata Salyha 1934-nji ýylda M. Gorkiýniň, A. S. Şerbakowyň goly çekilen, №1628-belgili SSSR-iň Ýazyjylar soýuzynyň agzalygnyň şahadatnamasy gowşurylýar. Özüne bildirilen şeýle uly hormatdan soňra Ata Salyh has-da ruhlanyp, halkyň kalbyna we ruhyna ýakyn,  şygyrlardyr, eserleri döretmegini dowam etdirýär.

Şeýlelikde, watansöýüjiligiň, päk zähmetiň tarypyny şygra salyp salyp, öwüt-ündew bolup, halkyň kalbynda orun alan ussada, döreden ençeme eserlerini nazarda tutup, oňa 1938-nji ýylda (“TSSR-iň at gzanan şahyry”) “Türkmenistanyň at gazanan şahyry” diýen hormatly ady, soňra yzy süre, 1939-njy ýylda (“TSSR-iň halk şahyry”) “Türkmenistanyň halk şahyry” diýen hormatly atlary dakylýar hem-de “Zähmet Gyzyl Baýdak” ordeni bilen sylaglanýar. Ýene-de möhüm bellemeli zatlarmyzyň biri, halypa şahyr bu hormatly ady, ýurdumyzda ilkinji alanlaryň biridir.

Watansöýji, ömür örkini şu topragyň barlyklaryndan, milli ruhundan üzňeleşdirmedik ussat şahyryň, ata-Watanyň bagtynyň, azatlygynyň bar zatdan ilerde tutup, şygyrlarynyň üsti bilen watançylyk ruhunda terbiýeleýji döredijiligi, gözöňünde tutulyp 1947-nji ýylda “Gyzyl Ýyldyz” ordeni bilen sylaglanylýar. Ýene-de halypa şahyra 1958-nji ýylda 50 ýaş ýubileý toýy mynasybetli 1957-nji ýylda öndürilen “Pobeda” ýeňil ulagy sowgat berilýär. Ussadyň bütin ömründe serpaýlanan sylaglarydyr, sowgatlary öz edebi-memurial muzeýinde aýalyp saklanylýar.

Şahyr edebiýat älemine özboluşly döredijilik ukyby bilen, ömrüniň ahyrky günlerine çenli, saldamly goşantlaryny goşýar. Ata Salyh ogly 1964-nji ýylyň dekabr aýynyň 26-syna, aşgazan keselinden ejir çekip aradan çykýar. Onuň körlügine garamazdan, özgelerden tapawutlanýan döredüjilikli ömür ýoly, şahyryň özi aradan çykansoňam, oňa täzeçe ömür berdi. Halypa şahyr Ata Salyh barada, diňe bir türkmen edebiýatynyň däl-de eýsem, dünýä edebiýatynyň meşhur halk ýazyjy-şahyrlary tarapyndan, şahyryň gaýtalanmajak beýik ömür ýoly barada, ençeme kitaplardyr, goşgular, uly göwrümli makalalar ýazyldy.

Ýene-de has möhüm bellemeli zatlarmyzyň biri hem, bize ähli ulgamda ýol ýörelge, halypa bolup duran alym, şahyr Arkadagymyzyň, türkmen halkyna peşgeş beren, paýhasa ýugurlan, türkmeniň milli medenýetine we sungatyna uly goşant goşan ussat halypalaryň, sungat ýolunda bitiren ullakan işleri barada ýazan, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynyň 149-150-nji sahypalarynda hem Türkmenistanyň halk şahyry Ata Salyh barada iki ýerde belläp geçýär. Hormatly Arkadagymyzyň, döredijilik eserlerinde belent ady, sungat ýolunda bitiren ömür ýoly orun tapan bolsa, onda Ata Salyh şahyr, hakykatdan hem edebiýat äleminiň öçmejek ýyldyzydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýaşap geçen ussat halypalarmyzyň atlary ebedileşdirilip, Türkmenistanyň halyh şahyry Ata Salyhyň ady paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň hem-de, welaýat, etrap merkezleriniň köçelerine, oba geňeşliklerine dakyldy. Halypa şahyry hormatlap, şahyr aradan çykandan soňra, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Şordepe geňeşliginde, Ata Salyhyň edebi-memurial muzeýi döredildi. Ol mezeýde şahyryň bütün ömründe döreden eserleridir, ulanan esbaplary milli gymmatlyk hökmünde aýalyp saklanylýar we halka hyzmat edýär.

Halypa şahyryň gaýtalanmajak döredijilikli ömür ýoly, türkmen edebiýatynyň baharynyň bir aýy mysaly. Ussadyň döreden eserleri şol baharyň güllän daragtlary ýaly bolup, şygyra teşne kalplary bezeýär. Ynsan ogly päk ýüreginden näçe gözellikleri döretse ol, ony ölmez-ýitmezlik serpaýy bilen serpaýlaýar. Şol serpaýa mynasyp bolan, meşhur Ata Salyh şahyryň bitiren hyzmatlaryna, bu ýazanja zatlam juda ýöntem gelýär. Halypa hakynda näçe gowy zatlary ýazdygyňça az. Çünki ol, ajaýyp şygyrlary bilen ähli adamlary, ölmez-ýitmezlige alyp barýan baýdak göterjidir.

Remove ads
Loading related searches...

Wikiwand - on

Seamless Wikipedia browsing. On steroids.

Remove ads