ABU ABDYLLAH MUHAMMET ibn Ahmet ibn Abu Bekir al-Mukaddasy, al-Makdisi (946/47 - takmynan 1000) - arap taryhçysy, geograf, syýahatçy. Ol Iýerusalimde doglypdyr. Yslam ýurtlarynyň köpüsinde diýen ýaly syýahat edipdir. Ol 985 ýylynda Samanitler üçin "Yklymy öwrenmek üçin iň oňat bölüniş" diýen iş ýazypdyr. Awtor soňra Fatimitler üçin onuň giňeldilen görnüşini taýýarlapdyr. Kitap 2 bölümden ybarat bolup, onda ilki umumy geografik, metodik, terminologik, awtobiografik häsiýetli maglumatlar berlipdir. Ondan soňra Arap ýarymadasy, Yrak, Akur, Siriýa, Müsür, al-Magryp .. ýurtlary beýan edilipdir. Kitabyň II bölümi al-Maşryk, Horasan, Sejestan, Mawerannahr, Deýlem (Gilýan), ar-Rihap, Jibal (Midiýa), Huzystan, Fars, Kerman we Sind ýurtlaryny öz içine alýar. Awtor her bir ýurdyň geografiýasyny, ilatyny we olaryň kärlerini, ykdysadyýetini, syýasy gurluşyny, peýdaly magdanlaryny, däp-dessurlaryny we ş.m jikme-jik beýan edipdir. Ol kitap Halifat ýurtlarynyň taryhyny, geçmişdäki geografiýasyny, ykdysadyýetini, medeniýetini we ş.m. öwrenmek üçin möhüm materialdyr.