From Wikipedia, the free encyclopedia
Bilkent Uniwersiteti (Türkçe:, Bilkent Üniversitesi) paýtagt Ankarada ýerleşýän Türkiýäniň hususy uniwersitetleriniň biridir. 1984-nji ýylda Prof. Yhsan Dogramajy tarapyndan ýokary ylmy işler we barlaglar üçin okuw merkezi maksady bilen döredildi.[2] Bu uniwersitet Türkiýede açylan ilkinji hususy uniwersitetdir. "Bilkent" sözi "Bilim kenti" Türk sözleriniň goşulmagyndan gelip "Bilim şäheri" diýmekdir. Bu uniwersiteta her ýyl onlarça halkara talyplar stipendiýaly (talyp haky) girmäge hak gazanýarlar. Bu talyp haklaryna dalaşgärleri uniwersitetiň özi saýlaýar we olar 100-20% aralygynda okuw tölegleri garşylaýar.
Bilkent uniwersiteti | |
Bilkent Üniversitesi | |
Faýl:Bilkent University Crest.svg Bilkent uniwersiteti | |
Görnüş | Hususy |
---|---|
Rektor | Kürşat Aýdogan |
Kampus meýdany | 3 bölek, 300 ga |
Gurlan ýyly | 1984 |
Talyp sany | 13,000[1] |
Fakultetler | 9[1] |
Salgysy | Üniversiteler, 06800 Çankaya, Ankara, Türkiýe |
Web salgysy | https://w3.bilkent.edu.tr/www/ |
Uniwersitetiň gurluşyna 1967-nji ýylda Ankaranyň günbatar tarapynda başlandy. 1970-nji ýylarda adminstratiw öýleri, inženerlik fakulteti, kitaphanasy guruldy. Soňra okuwçylar üçin umumy ýaşaýyş jaýy, uniwersitetiň işgärleri üçin binalar tiz wagtda guruldy.[2]
Uniwersitet 3 sany meýdançadan (kampusdan) ybarat. Ankara şäheriň merkezinden 12 km günbatarynda ýerleşýär we umumy meýdany 300 gektardan gowrakdyr.[3] Kampuslaryň arasynda awtobus gatnawlary bar.
Uniwersitetiň kitaphanasy kitaplara baý we her ýyl ýyllyk 3 million Amerika dollarynda harjamalar edilýär. 2007-nji ýylda Bilkent Uniwersitetiniň kitaphanasy Türkiýäniň iň uly we baý (eserlere) kitaphanasy saýlandy we häzir hem Türkiýäniň iň gowy 10 kitaphanasyndan biri diýilip kabul edilýär.[4]
Seamless Wikipedia browsing. On steroids.
Every time you click a link to Wikipedia, Wiktionary or Wikiquote in your browser's search results, it will show the modern Wikiwand interface.
Wikiwand extension is a five stars, simple, with minimum permission required to keep your browsing private, safe and transparent.