Wikipediýa
From Wikipedia, the free encyclopedia
Wikipediýa, ulanyjylary tarapyndan bilelikde birnäçe dilde taýýarlanan, erkin, garaşsyz, tölegsiz, mahabatsyz, girdeji üçin peýdalanylmaýan internet ensiklopediýasydyr. MediaWiki taslamasy ulanylyp taýýarlanyldy. Wikipediýa-nyň makalalary her wagtda üýtgedilip, täze maglumatlar goşulýanlygy sebäpli, Wikipediýa hiç wagt tamamlanmaýar.
Wikipedia | |
Industriýa | Ensiklopediýa |
---|---|
Görnüş | Internet ensiklopediýasy |
Döredilen ýyly | 15 Ýanwar 2001 |
Esaslanyryjylar | Jimmy Wales, Larry Sanger |
Hyzmat ediş göwrüm | Bütindünýä |
Website | wikipedia |
Esaslandyryjylardan Jimmi Ueýls Wikipediýa-ny, "Dünýädäki her bir adama öz dilinde, iň ýokary hilde, tölegsiz ensiklopediýa döretmek we ýaýmak" diýip kesgitleýär.[1]
Wikipediýa sözi, wiki we pedi sözlerinden emele gelýär. "Wiki", Gawai dilindäki "wiki wiki" (tiz we maglumat maksatly) sözünden gelýär.[2] "Pedi" bolsa, Gadymy Gresiýa Medeniýetinde "köptaraply medeni bilim ulgamy" manysyna gelýän paideia sözünden gelýär.[3]