Gadyr gijesi

From Wikipedia, the free encyclopedia

Remove ads

Gadyr gijesi arap. لیلة القدرلیلة القدر (Laylat al-Qadr) ‎‎), türkmençe Perman gijesi[2],Sogap gijesi,[3] Ýazgytlaryň ýazylýan gijesi,[4] ýa-da Sogaplaryň hasaplanýan gijesi, Yslam dinine uýýanlar tarapyndan Gurhanyň  Mu­ham­met py­gam­bere goýberilen güni diýilip hasaplanylýar.[5] Bu gün Remezan aýynyň soňky on güniniň içinde bir gün hasaplanýar. Musulmanlar Allanyň rehim edýän, özleriniň günälerinden bagyşlanýan, dilegleriniň kabul bolýan, Jebraýyl perişdäniň Gurhan kitaby ýere getiren güni diýip hasaplaýarlar. 

Quick Facts
Remove ads

Gurhanyň Muhammet pygambere goýberilmegi

Käbir teswirçiler Gurhan kitaby Muhammet pygambere 2 gezek goýberildi diýip çaklaýarlar; bir bölegi 'Gadyr gijesinde' Jebraýyl perişdäniň üsti bilen we beýleki bölegi 23 ýylyň dowamynda. [6] Ýöne käbir teswirçiler bolsa kitabyň esasy bölegi şol gijede gelenligini soňra bolsa aýat-aýat bolup Muhammet pygambere gelenligine ynanýarlar. Aýatlar ilkinji gezek Mekkäki Nur dagynyň Hyra gowagynda 610-njy ýylda Jebraýyl perişdäniň üsti bilen Muhammet pygambere indirilýär. Ilkinji süre Alak süresi(arapça العلق).(Çeşme görkezilmeli)

Remove ads

Sene

Gijäniň takyk wagty Gurhanda aýylmaýar.[7][8]

Sünni Musulmanlar

Musulman döwletlerde we dünýädäki Sünni jemgyýetinde Gadyr gijesi Remezan aýynyň soňky 10 günüň içinde täk bir gije diýilip hasaplanylýar. (21-nji, 23-nji, 25-nji, 27-nji ýa-da 29-njy) . Köp däplere görä Gadyr gijesi Remezan aýynyň 27-si diýilip kabul edilýär.[9][10]

More information 27-nji Remezan, Milady kalendary ...

Şaýy Musulmanlary

Thumb
Eýranda Gadyr gijesi
Thumb
Eýranda Jamkaran Metjidinde Gadyr gijesi

Şaýylar hem Gadyr gijesini Remezan aýynyň soňky 10 güniň täk gijesi  ýöne esasy 19-njy, 21-nji, 23-nji Remezan aýy hasaplaýarlar. Aýratyn hem 23-nji Remezan has möhüm gün diýip kabul edilýär.  Şaýy  ynanjyna görä Hezreti Ala 19-njy Remezanda 'Kufa Uly metjitinde' mihrapda namazda wagty hüjüm edilýär we 21-nji Remezanda aradan çykýar. 

More information 23-nji Remezan, Milady senenamasy ...
Remove ads

Gurhanda Gadyr gijesi

Gurhanda Gadyr gijesi hakynda Gadyr süresinde(Türkmençe ýazylşyny barlamaly) aýdylyp geçilýär.(aşakdaky terjime çekişmede barlanmaly)

  1. Şüphesiz biz Gurhany gadyr gijesinde indirdik.
  2. Gadyr gijesi näme, nireden bilýäňiz?
  3. Gadyr gijesi müň aýdan haýyrlydyr.
  4. Bu gijede, Rebleriň rugsady bilen melekler we Ruh(Jebraýyl), her iş üçin inerler-de inerler. 
  5. Ol gijede esenlik dolydyr. Tä garaňkylyk batýança.

Surah 97 (Gadyr süre), Aýat 1–5[15]

Türkmenistanda Gadyr gijesi

Türkmenistanda adatça her ýylyň gadyr gijesinde “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” karar esasynda türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady köp sany tussag(köplenç 1000 çemesi)tussaglykdan boşadylýar.[16][17][18]

Çeşmeler

Loading related searches...

Wikiwand - on

Seamless Wikipedia browsing. On steroids.

Remove ads