Google Chrome
From Wikipedia, the free encyclopedia
Remove ads
Windows Phone we Windows 10 Mobile 10 Tizen
®®
ܛܛܓܣܓܬ iPhone, macOS, tvOS
![]() |
Bu sahypa häzir doly tamamlanmadyk. |

Google Chrome, Google tarapyndan ösdürilýän mugt web brazueridir. 2008-nji ýylyň sentýabr aýynda Microsoft Windows wersiýasy neşir edildi; has soňra Linux, macOS, iOS we Android wersiýalary hem neşir edilýär.[1][2][3]
Google, Chrome-uň çeşme kodlarynyň uly bölegini Chromium atly açyk çeşme proýektinde paýlaşýar.[4][5][6] Dahylly Adobe Flash Player ýaly käbir goşantlaryň çeşme kodlary paýlaşylmaýar. Chrome'uň 27-nji wersiýasyna çenli WebKit layout motory ulanylýardy, emma 28-nji wersiýasyndan bäri iOS-dan galan bütin platformalarda WebKit motorynyň atanak özleşdirilen görnüşi bolan Blink motory ulanylmaga başlanýar.
StatCounter statiskalaryna görä 2017-nji ýylyň ikinji çärýeginde Google Chrome-uň iş stol brazueri bazaryndaky paýynyň 63%-digi kesgitlenilýär. Şol çaklamalara görä, bütin platformalaryň jemindäki bazar paýy 54%, akylly telefonlardaky bazar paýy hem 54%-dir.
Google Chrome-uň bu üstünlügi sebäpli Google, "Chrome" markasyny Chromecast, Chromebook, Chromebit, Chromebox we Chromebase ýaly üýtgeşik önümlerde hem ulanýar.
Remove ads
Taryhy
Google-yň CEO-sy Eric Schmidt Google Chrome-uň çykyşyndan 6 ýyl öň azat brauzer döretmek pikirine garşy gelýärdi. Google-yň kiçi şereketdigini göz öňünde tutýar we bu pikiriň şereketiň ygtyýarlygyny zaýalamagyny islänokdy. Emma şereketi esaslandyran Sergey Brin we Larry Page bir-iki Mozilla Firefox wezipeli ösdüriji programmistleri işe alyp beta wersiýasynyň döremegini başarýarlar.
Duýduryşlar
Hakyky duýdurylan taryhy 2008-nji ýylyň 3-nji sentýabry bolan bu täze brauzeriň aýratynlyklaryny we sebäbini beýan edýän, Scott McCloud tarapyndan döredilen karikatura žurnalistlere we bloglara iberilýär.[7] Ýewropa üçin taýýarlanan kopiýalar Philipp Lenssen-iň Google Blogoscoped-inde ýerleşýär.[8] 38 sahypalyk karikatura 2008-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan bäri onuň sahypalarynda ýerleşýär.[9] Google Chrome-uň çykyşynyň yzýanyndan Google, Google Books ady bilen karikaturalary öz saýdynda neşir etmäge başlady.[10] Resmi blogunda ir duýduryş beýany bilen bular barada hem agzap geçdi.[11]
Beta wersiýasy
Microsoft Windows üçin Beta wersiýasy 2008-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda, 43 sany dilde ulanyşa açylýar. Google, beýleki operasion sistemalar üçin hem programmanyň gysga wagtda tamamlanjagyny beýan edýär.
3-nji sentýabrda, Slashdot habarlarynda;[12] beta wersiýasynyň hyzmat şertleri tekstinde ýer alýan passaža uly üns berildi. Muňa görä hyzmat şertleri kabul edilende, Google-yň bütin mazmunlary Chrome arkaly alyp biljegi barada lisenziýa kabul edilýärdi.[13] Agzalýan tekst umumy Google hyzmat şertlerinden alnypdy.[14] The Register teksti "Şahsy hukuklaryňyz köýer." diýip beýan etdi.[15] Şol gün, Google ulanylan tekstiň beýleki Google önümlerinden alnandygyny bildirip çekişmelere jogap berdi we agzalýan passažy hyzmat şertlerinden aýyrdy.[16] Google aýratyn hem bu üýtgeşikligiň Google Chrome-y has öň ulanyp başlanlara hem degişlidigini beýan etdi.[17]
Google Chrome-uň ilkinji wersiýasy Acid1 we Acid2 barlaglaryndan geçýär, emma Acid3 barlagy ýerine ýetirilmeýär; Onuň alan baly 78/100 bolup, Internet Explorer 7 we Firefox 3-den has ýokary bolýar. Hem-de Acid3 barlagyny birnäçe gezek gaýtalananda 76-79/100 arasynda üýtgeşik netijeler beren ilkinji brazuerdir.[18]
Remove ads
Google Chrome Android
Dizaýn
Gorag
Ulanyjy interfeýsi
Gysga wagtda aydylar
Derejelendirme
Gizlinlik
Gorag açyklary
Salgylanmalar
Daşary çykgytlar
Wikiwand - on
Seamless Wikipedia browsing. On steroids.
Remove ads