Mongollar

From Wikipedia, the free encyclopedia

Remove ads

Mogollar[13], Mongollar (mong. Монголчууд, ᠮᠣᠩᠭᠣᠯᠴᠤᠳ, Mongolchuud, ˈmɔŋ.ɢɔɮ.t͡ʃʊːt)  Gündogar Aziýa we Merkezi Aziýa , Mongoliýa we Hytaýda ýaşaýan etniki millet. Olaryň uly bölegi Hytaý we Russiýada ýaşaýarlar.

Quick facts Jemi ilat sany, Sebitler we ilat sanlary ...
Remove ads

Dolandyryş görnüşi we düzümleri

Çingiz hanyň döreden Mongollarda , ýerli mongollara "iwgen","obop" we kiçi birliklere bolsa "aýmug" we "ýasun" diýilipdir. Goşun hem şu görnüşde döredildi. "Ulus" diýilýän mongol tiresindäki adamlaryň hemmesi diýen ýaly esger hasaplanylypdyr, tireler sapara çykanlarynda her kim öz çadyry, haýwanlary we aýallary bilen bir goşun ýaly bolup çykardylar. Her tiräniň özüniň dolandyryş sistemasy bolupdyr. Ýaraglary özleri ýasapdyrlar. Basyp alan döwletleri dolandyryp bolmajak dereje köpdi. Syýasy we dolandyryş taýdan mongollar pesdiler we şol sebäpli hem bu ugurda köp kynçylyklar çekdiler. Döwlet edaralaryndan döwlet işgäri we salgyt ýygnaýjy görän azdy.

Çingiz anyň neslinden bolanlar Çagataý hanlygy (1227-1370), Ilhanlylar (1256-1353), Altyn Orda (1226-1502), Şeýbany hanlygy (1500-1598) we Krym hanlygy döredýär. Çingiz hanyň ogullary we agtyklarynyň häkimýeti örän gysga dowam etdi. Abbasidler halyflygynyň merkezi bolan Bagdatdy 1257-nji ýylda ýumurdylar. Şu wagtky Siriýa,Gündogar ortaýer deňzi töwerekleri, Günbatar Anadoly kenarlaryny we Ýewropada Wena şäheriniň golaýlaryna çenli hökümdarlyk edipdirler.

On dördünji asyryň başlarynda Orta we Gündogar Aziýada musulman döwletlerde ýaşaýan mongollar yslam dinini kabul edip başladylar. Ilhanly hökümdary Mahmyt Gazan hanyň musulman dinine geçmegi bilen, generallar, wezir we esgerleriň uly bölegi musulman bolýar.

Remove ads

Mangollaryň şuwagtky ýaşaýan ýerleri

  • Hytaý, Mongoliýa we Russiýa mongollaryň iň köp jemlenen ýerleridir.

Çeşmeler

Daşarky çykgyt

Loading related searches...

Wikiwand - on

Seamless Wikipedia browsing. On steroids.

Remove ads